Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna taýýarlanýarlar

12:2305.03.2020
0
4779

Şu günler türkmen dzýudoçylary Gülbadam Babamuradowa bilen Hakberdi Jumaýew Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna güýçli depginde taýýarlyk görýärler.

Halkara sport ussady Gülbadam Babamuradowa 52 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa ýollanmasyna mynasyp bolmaga juda ýakyn geldi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hakberdi Jumaýewde hem (60 kilograma çenli) mümkinçilik ýokary.

Tomusky Olimpiýa oýunlaryna barýan ýolda ildeşlerimiz ýokary netije görkezmeli. Häzir olaryň öňünde Türkiýede we Wengriýada geçiriljek Gran Pri, Azerbaýjanda boljak «Grand Slam» we Katarda geçiriljek ussatlyk ýaryşlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň