Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen karateçileri Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga synanyşarlar

12:1305.03.2020
0
9088

Öňümizdäki Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň karate görnüşi hem girizildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň 2016-njy ýylda gelen karary bilen Ýaponiýadaky Olimpiýa oýunlarynda karateniň kumite (tutluşyk) we kata (çylşyrymly hereketler) görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

Tokio ― 2020-niň karate boýunça ýaryşlaryna dalaşgärleriň arasynda türkmen türgenleri hem bar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Welmyrat Gurbanmuradow biziň türgenlerimiziň Olimpiýa ýollanmasyny gazanmak ugrunda gatnaşjak halkara ýaryşlary barada şeýle maglumat berýär:

― Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna biz bäş türgeni taýýarlaýarys. Olaryň üçüsi ― Arzuw Seýtgulyýew, Selim Myratdurdyýew we Baýry Baýryýew 67 kilograma çenli agram derejesinde kumite boýunça ýaryşlara taýýarlanýar. Dördünji bir türgenimiz Esenbaý Ýazmedow bolsa 75 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara gatnaşar. Şeýle hem Baýram Ýalkabow kata boýunça ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny gorar. Häzirki wagtda olaryň türgenleşiklerini Olimpiýa şäherçesinde alyp barýarys.

Olar ýakynda ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylary bilen bilelikde (40-dan gowrak türgen) Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» hem-de «Ýaşlyk» dynç alyş merkezlerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Häzir türgenleşikler has güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar. Geljek aýda bolsa türgenleşiklerimizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dowam etdireris.

Karate boýunça Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlary aprel ― maý aýlarynyň sepgidinde bolar. Ilkinji halkara ýaryş Kipriň Limassol şäherinde geçiriljek Bütindünýä karate-do federasiýasynyň ligasy bolar. Soňra 6 ― 12-nji maý aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde saýlama ýaryş geçiriler. Bu ýaryşlaryň birinjisi türgenlerimiziň Olimpiýa reýtingine täsirini ýetirer, ikinji ýaryşda gazanyljak üstünlik bolsa olary Tomusky Olimpiýa oýunlaryna has ýakynlaşdyrar.

Geljek aýda erkekleriň we zenanlaryň arsynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionaty hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň ähmiýetli tapgyrlarynyň birine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň