Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbäniň «Istikloly» Türkiýedäki ýygnanyşygy tamamlady

12:0105.03.2020
0
3333

Täjigistanyň sekiz gezek çempiony, Duşenbe şäheriniň «Istiklol» futbol topary Türkiýäniň Antalýa şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türgenleşikleriň ahyrky gününde täjik toparynyň futbolçylary trenažor zalynda türgenleşdiler, soňra futbol meýdanyna geçildi.

Antalýadaky ýygnanyşygyň dowamynda topar ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi. Geçirilen duşuşyklaryň üçüsinden garşydaşlaryndan asgyn gelen topar bir duşuşykda ýeňiş gazandy.

Häzir «Istiklol» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň birinji tapgyrynda «Hujand» bilen boljak duşuşyga taýýarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň