Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:5404.03.2020
0
15036

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda goranmak ministri B.Gündogdyýew goşunlaryň dürli kysymlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak hem-de esgerleriňdir serkerdeleriň ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti işleri kämilleşdirmek, Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak,  şahsy düzümiň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, yzygiderli çäreleri görmek hem-de ugurdaş okuw mekdeplerinde bilim, syýasy-terbiýeçilik, jemgyýetçilik işlerini degişli derejede geçirmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň ähli sebitlerinde düzgün bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamaga, kanunlaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berlip, duş gelýän ýaramaz hadysalara garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylmalydyr diýip, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, bu gullugyň ýolbaşçysyna şahsy düzümiň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesini mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew kazyýet önümçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagynyň kazyýet ulgamynyň işlerine bagly bolup durýandygyny aýtdy we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew garamagyndaky düzümleriň şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri prokuror gözegçiligi boýunça çäreleri görmegiň, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýdyp, edaranyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny hemişe gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli howpsuzlygy hem-de halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça degişli gulluklar bilen işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseleler milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewiň hasabatynyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň wehimleri bilen baglylykda, milli howpsuzlygy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar diýip, MHM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany kabul edilýän kanunlaryň düzgünleri barada ilatyň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine uly üns bermelidigini nygtap, bu babatda edaranyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew garalýan döwür üçin ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük serhedinden harytlary we ulag serişdelerini geçirmegiň tertibini üpjün etmek meselelerini üns merkezinde saklamaly diýip, edaranyň ýolbaşçysyna degişli düzgün-kadalaryň şertleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow düzümiň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Milli goşunymyzyň işgärler düzümini pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň durmuş üpjünçiligi bilen bagly meseleler barada habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyryp, wise-premýere olaryň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň