Soňky habarlar

Arhiw

UCI-niň prezidenti welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçirilmeginiň sebäbini düşündirdi

12:2504.03.2020
0
5089

Halkara welosiped birleşigi (UCI) 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek kararyna geldi, sebäbi Türkmenistanyň paýtagtynda dünýäde iň gowy Welotrek toplumlarynyň biri ýerleşýär diýip guramanyň prezidenti Dawid Lappartien aýtdy. 

«Olaryň ajaýyp velodromy bar, ol dünýäde iň owadanlaryň biri. Biz ähli ugurlar üçin açyk bolmaly, şeýlelikde, sportuň birleşdiriji güýji bilen has netijeli gepleşikleri geçirip bileris» diýip, «RIA Nowosti» Lappatieniň aýdanlaryny getirýär.

Türkmenistanyň paýtagty Welotrek boýunça dünýä çempionatyny kabul eden Aziýanyň üçünji şäheri bolar. Mundan öň bu hormat Ýaponiýanyň Maebasi şäherine we Gonkonga berildi. Dünýä çempionatynyň ýaryşlary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarda ýaryşyň geçirilen toplumynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň