Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Milletler ligasynyň bijeleri çekildi

11:4804.03.2020
0
10854

Düýn Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda UEFA Milletler ligasynyň bijeleri çekildi. Ikinji gezek geçiriljek ýaryşa yklymyň ähli ýygyndysy gatnaşar. Portugaliýalyň çempionlygy bilen tamamlanan ilkinji ýaryş 2018-2019 möwsüminde geçirilipdi. Ikinjisi 2020-2021 möwsüminde geçiriljek ýaryşda milli ýygyndylar 4 ligada –“A”, “B”, “C”, “D” ligalarynda çykyş ederler. Toparçalardaky duşuşyklar şu ýylyň sentýabr, oktýabr, noýabr, aýlarynda  oýnalar. “A” ligada her toparçanyň ýeňijileriniň arasynda oýnaljak final tapgyry geljek ýylyň iýun aýynyň başlarynda öňümizdäki günlerde belli ediljek ýurtda geçiriler. Beýleki ligalarda her toparça 1-nji bolanlar ýokary liga çyksa, her ligadanyň her toparçasynda soňky orny eýelänler aşaky liga düşerler.

Güýçlüleriň ligasy bolan “A” ligada 4 toparça bolup, 1-nji toparçada Niderlandlaryň, Italiýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Polşanyň, 2-nji toparçada Angliýanyň, Belgiýanyň, Daniýanyň, Islandiýanyň, 3-nji toparçada Portugaliýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň hem-de 4-nji toparçada Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň, Ukrainanyň we Germaniýanyň ýygyndylary final tapgyryna çykmak ugrunda özara bäsleşerler.

“B” ligada-da 4 topar bolup, Awstriýa, Demirgazyk Irlandiýa, Norwegiýa, Rumyniýa 1-nji, Çehiýa, Şotlandiýa, Slowakiýa, Ysraýyl 2-nji, Russiýa, Serbiýa, Türkiýe, Wengriýa 3-nji, Uels, Finlýandiýa, Irlandiýa, Bolgariýa 4-nji toparçany düzdüler.  

 

“A” LIGA

1-nji toparça: Niderlandlar, Italiýa, Bosniýa we Gersegowina, Polşa

2-nji toparça: Angliýa, Belgiýa, Daniýa, Islandiýa

3-nji toparça: Portugaliýa, Fransiýa, Horwatiýa, Şwesiýa

4-nji toparça: Şweýsariýa, Ispaniýa, Ukraina, Germaniýa

“B” LIGA

1-nji toparça: Awstriýa, Demirgazyk Irlandiýa, Norwegiýa, Rumyniýa

2-nji toparça: Çehiýa, Şotlandiýa, Slowakiýa, Ysraýyl

3-nji toparça: Russiýa, Serbiýa, Türkiýe, Wengriýa

4-nji toparça: Uels, Finlýandiýa, Irlandiýa, Bolgariýa

“C” LIGA

1-nji toparça: Çernogorýa, Kipr, Lýuksemburg, Azerbaýjan

2-nji toparça: Gruziýa, Demirgazyk Makedoniýa, Estoniýa, Ermenistan

3-nji toparça: Gresiýa, Kosowo, Sloweniýa, Moldowa

4-nji toparça: Albaniýa, Belarus, Litwa, Gazagystan

“D” LIGA

1-nji toparça: Farer adalary, Latwiýa, Andorra, Malta

2-nji toparça: Gibraltar, Lihtenştreýn, San Marino

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň