Soňky habarlar

Arhiw

Milli «Ak bugdaý» muzeýine köpçülikleýin gezelenç guraldy

10:1404.03.2020
0
2102

Änew şäherindäki Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li «Ak bug­daý» mu­ze­ýi­ne ýaş­lar üçin köp­çü­lik­leýin sy­ýa­hat gu­ral­dy. «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly my­na­sy­bet­li bo­lan sy­ýa­ha­ta we­la­ýatyň dür­li ýe­rin­den ýaş­lar, şol san­da ta­lyp­lar gat­naşdy­lar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gura­ma­sy­nyň we­la­ýat ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan sy­ýahat­da ýaş­lar mu­zeý­de sak­la­nyl­ýan baý ta­ry­hy gymmat­lyk­lar bi­len ta­nyş­dy­lar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý eke­ran­çy­lyk däp­le­ri­ni, ga­dy­my Änew top­ra­gy­nyň buýsanç­ly geç­mi­şi­ni be­ýan ed­ýän ta­pyn­dy­lar, gym­mat­ly mag­lu­mat­lar ýaş­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Mu­ze­ýe ýa­kyn­da ge­lip gow­şan ta­pyn­dy­la­ra gy­zyklan­ma has ýo­ka­ry bol­dy.

Mu­zeý hü­när­men­le­ri tä­ze ta­pyn­dy­lar ha­kyn­da ýaş­la­ra gy­zyk­ly gür­rüň ber­di­ler. Bu bol­sa sy­ýa­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýa­kym­ly duý­gu­la­ry peş­geş ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň