Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça tagallalary güýçlendirmegi tabşyrdy

03:2904.03.2020
0
9240

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şolaryň hatarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek wezipeleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek işleriniň ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda ösdürilmelidigini, şu ugurda ylmy açyşlaryň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine hem-de işleriniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi toplumyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejedäki ösüşini şertlendirer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, toplumyň düzümleriniň işini kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän halkara derejedäki maslahatlary yzygiderli guramagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany degişli düzümler bilen bilelikde, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlanylmagynyň wajypdygyny belläp, nebitgaz senagatynda täze taslamalary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Soňra milletiň Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we sanlylaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny giňden beýan etmegiň we umuman, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, TOPH gaz geçirijisiniň sebitiň ýurtlarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda eýeleýän oňyn orny barada giň jemgyýetçiligiň habardar edilmelidigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň