Türkmenistanyň daşary işler ministri we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýýolbaşçysy Morokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolarlar

23:5503.03.2020
0
7932

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň