Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Belarusyň Ýokary ligasynyň täze wekilini ýeňdi

21:1303.03.2020
0
6618

Aşgabadyň «Altyn asyr» we Brestiň «Ruh»  futbol toparlary Belek şäherçesinde (Türkiýe) özara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Bu barada Belarus toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgi 38-nji minutda geçirildi.

Belarusyň Brest şäherine wekiçilik edýän «Ruh» futbol topary 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Topar şu ýyl ilkinji gezek Belarusyň Ýokary ligasynda çykyş eder. «Aragatnaşykçylaryň» bolsa mundan ozal Slowakiýanyň «Spartak» (1:1), Russiýanyň «Akron» (2:2) toparlary bilen hem ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirendigini ýatadýarys.

Türkiýede Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine we AFK-nyň kubogyna taýýarlanýan «Altyn asyr» ilkinji resmi duşuşygyny 7-nji martda «Merw» bilen geçirer.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň