AFK-nyň kubogy ― 2020: «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşygy näbelli möhletde yza süýşürildi

20:2903.03.2020
0
4412

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çäginde Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyryň» arasyndaky duşuşygy soňa süýşürdi. Bu barada AFK özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Habarda aýdylyşy ýaly, 11-nji martda Bişkek şäherindäki Dolon Ömruzakow adyndaky stadionda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyk başga bir güne geçirildi. Duşuşyk täze senesi heniz belli däl.

Şeýle hem AFK-nyň kubogy ― 2020-de 9-njy martda meýilleşdirilen «Riffa» (Bahreýn) ― «Dofa» (Oman) duşuşygy hem başga bir güne geçirildi.

Häzir «Altyn asyryň» futbolçylary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirýärler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň