Soňky habarlar

Arhiw

Marina Arutýunyan: «Kosmetologyň ussat elleri, çuňňur bilimi we energiýasy bar bolsa, ol gudrat döredip biler»

19:4303.03.2020
1
27030

Ýakynda geçirilen «Aktyn gaýçy» bäsleşiginde internetde geçirilen köpçülikleýin ses berişligiň netijelerine görä Marina Arutýunýan iň oňat kosmetolog hökmünde ykrar edildi Professional kosmetika hyzmatlary ugrundaky köp ýyllyk işi üçin Germaniýadaky, Russiýadaky we Eýrandaky öňdebaryjy gözellik klinikalarynda işlemäge hem birnäçe gezek çagyrylan Marina hakyky watanperwer. Çünki ol Aşgabatdan gitmek pikirine hiç wagt gol bermedi.  Marina Arkadýewna «Turkmenportalyň» habarçysy tarapyndan guralan söhbetdeşlikde özüniň ussatlygy bilen bagly käbir syrlary açdy. 

― Marina Arkadýewna, mynasyp bolan ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn. Özüňiz barada giňişleýinräk gürrüň beräýseňiz, çünki okyjylarymyzyň siz hakda has köp bilmek islejekdigine ynanýaryn.

― Bu hünärde 30 ýyldan gowrak wagt bäri işleýärin. Ozal kosmetologiýa işine diňe lukmançylyk bilimi bilen girişýärdiler. Şonuň üçin men hünärim boýunça lukmançylyk kosmetology. Ilki ýörite kosmetologlar mekdebinde okadym, soňra bolsa Bilim jemgyýetinde sapak berdim. Gelin-gyzlar üçin berilýän telewizýon okuwlar arkaly ýylyň dürli döwürlerinde derä nähili ideg etmelidigini öwretdim. Geň zat, bu okuwlar Fransiýa, Germaniýa ýaly döwletleriň ýaşaýjylarynda hem gyzyklanma döretdi.

― Şunça ýyllyk tejribäňizde ozal hem dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşansyňyz.

― Dogry, ýöne öňki döwürlerde kosmetologiýa makiýaž sungaty hökmünde kabul edilýärdi. Mundan onlarça ýyl ozal Aşgabatda bary-ýogy 4 sany gözellik salony bardy. Olaryň arasynda yzygiderli ýaryşlar geçirilýärdi. Men örän tejribeli hünärmenler bilen «Gül» salonynda işledim. Özüm hem käbir ýaryşlara gatnaşdym, gyzlarymyzy Polşada we Germaniýada geçirilen ýaryşlara gatnaşmaga taýýarladym. Şolaryň birinde olar birinji orny eýelediler. Maňa baýrak hökmünde 30 rubl pul we şäheriň «1-nji maý» köçesinden 0,6 gektar ýer berdiler.

― Siziň pikiriňizçe, kosmetolog nähili hünär. Jemgyýetimizde ol nähili orny eýeleýär?

― Estetiki kosmetolog durşuna gözellige eýlenen hünär. Hatda ol gözellik bilen bagly hünärleriň naýbaşysy. Sebäbini düşündireýin. Müşderiler bilen işleşilende psihologiki artykmaçlyk bolsa has zerurdyr. Sebäbi adamlar, adatça, kosmetolog-estetiki lukmanyň ýanyna gelmeýärler: bu daşky görnüşdäki meseleler bilen bagly. Kosmetolog diňe bir derini bejermek bilen çäklenmän, adamlara ynam we ylham bermäge synanyşýar. Bu ýagdaý mende birnäçe gezek bolup geçdi. Mysal üçin, müşderime tüýs ýürekden şeýle diýýärin: «Sen gaty özüne çekiji gyz. Ine, görersiň, ýakyn wagtda durmuşa çykarsyň!». Netijesi nähili bolýandyr öýdýärsiňiz? Birki hepdäniň içinde hälki gyz maňa jaň edip, aýdanlarymyň durmuşa geçip başlandygyny habar berýär.

― Ýeňil eliňiz bar!

― Meniň pikirimçe, bularyň hemmesi öz işimi hakykatdanam gowy görýändigimden we kämilleşmek üçin yzygiderli ymtylýandygymdan ybarat. Daş-töweregimizdäki dünýä juda uly tizlik bilen üýtgeýär, kosmetologiýadaky ähli täzelikleri yzarlamaga synanyşýaryn, yzygiderli okaýaryn, özümi kämilleşdirýärin. Eger şeýtmeseňiz, işde yza galarsyňyz. Täze önümleri alaga-da, ulanmaga çalşamok, kompozisiýalary, peýdaly we zyýanly täsirlerini içgin öwrenýärin. Çünki kosmetiki önümleriniň hemmesi howa şertlerimize gabat gelip hem duranok. Subut edilen, köpden bäri tejribeden geçen önümleri ulanmagy makul bilýärin.

― Sizi buýsandyryp biljek ýagdaýlar?

― Şägirtlerimiň birnäçesi daşary daşary ýurtlarda işleýärler. Mysal üçin, Jahan atly bir şägirdim Milanda iň gowy on kosmetologyň biri. Oňa başda-başda Italiýada işlemek kyn düşdi. Sebäbi başga sebit, başga bir howa we kosmetologiýa düýpgöter başgaça çemeleşmegi talap edýän beýleki adamlar. Oňa işde başarnygy we bilimi nädip uýgunlaşdyrmalydygy barada maslahat berdim, tiz wagtdan ýagdaýlar üýtgedi. Bu gün onuň kosmetologiýa barada ýörite kitaby hem bar. Bir nusgasyny maňa hem ugratdy.

― «Altyn gaýçy» bäsleşigi baradaky pikirleriňizi hem diňläýsek.

― Örän peýdaly taslama. Çünki bäsdeşlik döredijiligi güýçlendirýär. Işimize bäsdeşlik ruhuny getirýär, bu bolsa işiň has gowy bolmagyny üpjün edýär. Bäsleşik bizi bilelikde kämilleşdirýär.

― Söhbetdeşlik üçin köp sag boluň, täze ýeňişleri arzuw edýärin!

―  Sag boluň!    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Anna2016 ( 04.03.2020 )

А можно узнать,я что-то не встречала голосования в интернете,как и где оно проходило?

12