Soňky habarlar

Arhiw

Stilist Gülşat Babamyradowa: «Iş ussatdan ýaýdanýar»

16:1903.03.2020
0
20351

Ýakynda Aşgabatda içerki gözellik pudagynda işleýänleriň iň meşhur we köpugurly bäsleşikleriniň biri bolan «Altyn gaýçy» bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşuryş dabarasy boldy.

«Türkmenportalyň» habarçysy Internet arkaly geçirilen ses berişligiň netijelerine görä, «Iň gowy zenan suratkeş» diýlip yglan edilen köpugurly saç bejeriji, tehnolog-reňkleýji Gülşat Babamyradowa bilen söhbetdeş boldy:

― Gülşat, gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýarys. Ýeňiji bolmak nähili duýgy?

― Dogrusyny aýtsam, men henizem özüme gelip bilemok. Sebäbi ýeňiş meniň üçin asla garaşylmadyk ýagdaý boldy. Çünki sosial ulgamlardan peýdalanyjylaryň stilistler bilen şeýle ýakyndan gyzyklanýandygyndan bihabardym. Şonuň üçin hem bäsleşigiň guramaçysy Wiktor Şohin baýrak gowşurmak üçin meni sahna çagyranda, haýran galdym. Aslynda, sahna çykanymda hem özümi ýeňiji hökmünde göremokdym.

― Özüňiz barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz. Bu pudakda näçe wagt bäri işleýärsiňiz?

― Hünärim boýunça men ― psiholog, birnäçe ýyl bu ugurda işledim. Emma 2004-nji ýyldan başlap başga bir ugra ― stil we gözellik pudagyna synanyşmagy ýüregime düwdüm. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Moskwa Gözellik akademiýasyny tamamlap hem bu işe girişdim. Ýöne öwrenmegi we kämilleşmegi hemişe dowam etdirdim. Indi men öz işimiň ýokary derejeli hünärmeni.

― Bu kärde sizi esasy özüne çekýän zat näme?

― Elbetde, döredijilik mümkinçiligi. Esasy zat, men döredjilikli işlemegi gowy görýärin. Şonuň üçin hem bu işde özümi tapdym: sebäbi bu ýerde täsin döredijilik pikirleriňi durmuşa geçirip bolýar. Mysal üçin, reňkleriň tehnologiýasy bilen meşgullanmagy, zenanlaryň saçlaryny dürli görnüşlerde bejermegi halaýaryn. Bu işde döredijilik juda möhüm, hatda adaty däl usullardan hem peýdalanyp, täsin görnüşleri döredip bolýar. Adamlaryň edýän işimden hoşal bolmagy mende şatlyk, başarnygyma ynam döredýär we meni has köp işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle-de bolsa, indi öz bilýänlerimi şägirtlerime geçirmäge ýykgyn edýärin. Goý, kämil hünärmenler has köp ýetişsin.

― Başlangyç stilistlere nähili maslahatlary berýärsiňiz?

― Ilki bilen bu işe döredijilikli çemeleşmeli, sebäbi stilistlik döredijiligi iň kän talap edýän hünärleriň biri bolup durýar. Adaty usullary ussatlyk bilen ýerine ýetirmek bilen çäklenmeli däl, täze, adaty bolmadyk görnüşleriň gözleginde bolmaly. Başgaça aýdylanda, bu işe özüňi tutuşlaýyn bagyşlamaly. Nusgalardan daşlaşmakdan, olary ösdürmekden we özgertmekden, yzygiderli öwrenmekden, hemişe kämilleşmekden we batyrgaý pikirleri öňe sürmekden ýaýdanmaly däl.

― Gülşat, sag boluň! Ýeňşiňiz bilen ýene bir gezek gutlaýarys!

― Siz hem sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň