Soňky habarlar

Arhiw

Hapkido boýunça ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty tamamlandy

11:4203.03.2020
0
4146

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda 2008-nji ýylda doglan we ondan uly türgenleriň arasynda Koreýanyň hapkido söweş sungaty boýunça paýtagtyň açyk çempionaty geçirildi. Onda Aşgabat we Mary şäherleriniň türgenleri medallaryň aglaba bölegini gazandylar.

Ýekelikdäki tutluşyklaryň netijelerine görä, iki topar hem altyn medallaryň 12-sini gazandy. Şeýlelikde, iň güýçli topar kümüş medallaryň sany boýunça kesgitlenildi. Şu netijä görä, paýtagtyň topary birinji orny eýeledi. Olar maryly garşydaşlaryndan kümüş medallaryň altysyny kän gazandylar.

Ýaryşa Daşoguz welaýatyndan başga sebitleriň ählisinden dört ýaş toparynda 240 töweregi türgen gatnaşdy. Öňümizdäki aýda Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hapkido boýunça Türkmenistanyň çempionaty hem geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň