Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda "Ýylyň zenany" bäsleşiginiň jemi jemlendi

10:5903.03.2020
0
7841

Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Jemgy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bina­syn­da Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň yg­lan eden «Ýy­lyň ze­na­ny» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gyry ge­çi­ril­di. Bil­şi­miz ýa­ly, bäsle­şik «Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de alyp bar­ýan ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk uky­by üçin», «Ber­ka­rar döw­leti­miz­de el hü­nä­ri­ni di­keld­ýän­ligi we kä­mil­leş­dir­ýän­di­gi üçin», «Türk­me­niň ga­dy­my ru­hy gymmat­lyk­la­ry­ny we mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­makda­ky asyl­ly iş­le­ri üçin», «Ça­ga ter­bi­ýe­le­mek­de gör­ke­zen yhla­sy üçin», «Ber­ka­rar döw­le­timiz­de har­by we hu­kuk go­ra­ýyş ul­ga­myn­da gör­ke­zen iş­jeň­li­gi üçin», «Oba­ny ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin», «Ýurduň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we te­le­ke­çi­li­giň ös­me­gi­ne go­şan go­şan­dy üçin» di­ýen ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­di ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa we­laýat­lar­dan hem-de Aş­ga­bat şähe­rin­den bäs­le­şi­giň des­lap­ky tap­gyr­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan zenan­lar gat­naş­dy­lar. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy ze­nan­lar hak­da ýö­rite taý­ýar­la­ny­lan şe­kil­li gör­nüşler da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra gör­kezil­di. Şeý­le­lik­de, bäs­le­şi­ge her ugur bo­ýun­ça 6 ze­nan, je­mi 40dan gow­rak ze­nan gat­naş­dy.

Emin ag­za­la­ry­nyň bi­ra­gyzdan ge­len ne­ti­je­si­ne gö­rä, «Berka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de alyp bar­ýan ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk uky­by üçin» di­ýen at bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň Sa­rahs et­rap hä­kim­li­gi­niň iş­gärler we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len iş­le­mek bo­ýunça bö­lü­mi­niň mü­di­ri Per­za­na Ba­ba­ýe­wa, «Ber­ka­rar döw­le­timiz­de el hü­nä­ri­ni di­keld­ýän­li­gi we kä­mil­leş­dir­ýän­li­gi üçin» diýen ugur bo­ýun­ça Ma­ry çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň Sa­karçä­ge ha­ly önüm­ha­na­sy­nyň haly­çy­sy Aý­na­gö­zel Suw­ha­no­wa, «Türk­me­niň ga­dy­my ru­hy gymmat­lyk­la­ry­ny we mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­mak­daky asyl­ly iş­le­ri üçin» di­ýen ugur bo­ýun­ça Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adynda­ky Türk­men mil­li kon­ser­wato­ri­ýa­sy­nyň üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry ka­fed­rasy­nyň uly mu­gal­ly­my Dür­je­mal Çaň­ly­ýe­wa, «Ça­ga ter­bi­ýe­lemek­de gör­ke­zen yh­la­sy üçin» di­ýen 4-nji ugur bo­ýun­ça Daşo­guz we­la­ýa­ty­nyň Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň ça­ga rea­ni­ma­si­ýa­sy bö­lü­mi­niň rea­ni­ma­to­log luk­many Ba­har­gül Ýa­zy­ýe­wa, «Ber­karar döw­le­ti­miz­de har­by-hu­kuk go­ra­ýyş ul­ga­myn­da gör­ke­zen iş­jeň­li­gi üçin» di­ýen ugur bo­ýunça Le­bap we­la­ýa­tyn­dan har­by bö­lü­miň go­rag ro­ta ser­ker­desi­niň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Ar­zy­gül Mäm­medo­wa, «Oba­ny ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin» di­ýen ugur bo­ýun­ça Bal­kan we­la­ýa­tynyň Ser­dar et­ra­by­nyň Pür­nü­war daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Şa­bi­bi Gö­ki­ýe­wa, «Ýur­duň bazar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we te­le­keçi­li­giň ös­me­gi­ne go­şan go­şan­dy üçin» Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan Gurban­je­mal An­na­gy­ly­jo­wa ýe­ňi­ji bol­du­lar.

Ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň gym­mat ba­ha­ly sowgat­la­ry hem-de Hor­mat hat­lary gow­şu­ryl­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň