Şu ýyl Aşgabat şäherinde 27 desganyň açylyş dabarasy bolar

23:5402.03.2020
0
15328

2-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ilat üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi maksat edinilýän täze desgalaryň 27-sinde gurluşyk işleriniň barşyna aýratyn üns berildi.

Bellenen tertibe laýyklykda, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň, hususan-da, 1320 orunlyk 2 sany mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkezleriniň 3-siniň, jemi 2 müň maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-synyň, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň, ýylda 300 tonna demirden dürli bezegli önümleri öndürýän kärhananyň hem-de beýleki desgalaryň 13-siniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň