“El Klasikoda” “Real Madrid” ýeňiş gazandy

15:0902.03.2020
0
3477

Futbol janköýerleriň uly gyzyklanma bildiren “El Klasiko” duşuşygynda ýer eýeleri “Real Madrid” ezeli bäsdeşi “Barselonany” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Barselona” ýeňiş getiren gollary 71-nji minutda Winisius Junior hem-de 90+2-nji minutda oýna soň goşulan Mariano Diaz derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň, utuk sanyny 56-a çykaran “Real Madrid” täzeden sanawyň lideri boldy. Bu ýeňiş “Real Madridiň “La Liganyň” çägindäki “El Klasikolardaky” 73-nji ýeňşi bolup, olar bu ugurda katalonlardan bir ädim öňe saýlandy. "Real Madrid" topary 2014-nji ýyldan soň ilkinji gezek "La Ligada" "Barselonany" öz meýdançasynda ýeňmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň