Aşgabat iş merkezi Açyk gapylar gününe çagyrýar

14:1902.03.2020
0
23902

Şu ýylyň 10-njy martynda Aşgabat iş merkezi Açyk gapylar gününi geçirýär. Dabaralar şol gün sagat 10-dan 13-e çenli geçiriler.

Bu çäre bilen gyzyklanýan telekeçiler, başlangyç kärhanalary, erkin işleýänler, ýaş kompaniýalar dabaralara gatnaşmaga çagyrylýar.
Çäräniň maksatnamasynda:

  • iş merkeziniň artykmaçlyklary we hyzmatlary;
  • hukuk we buhgalter hyzmatlary barada maglumatlar;
  • aragatnaşyk, ýaş telekeçileriň arasynda aragatnaşyk we pikir alyşmak üçin platforma.

Çäre Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen geçiriler.Açyk gapylar güni Aşgabat şäherindäki «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçirilýär. Habarlaşmak isleýänler öz anketasyny m.serdar@nokat.biz ýa-da e.durdyyeva@nokat.biz elektron salgysyna ugradyp bilerler.

Şeýle hem 468165 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň