Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçysy Didar Durdyýew Özbegistanyň "Maşal" toparyna goşulmaga ýakyn

13:5702.03.2020
0
6584

«Sports.uz» neşiriniň ýazmagyna görä, türkmenistanly hüjümçi Didar Durdyýew Özbegistanyň «Maşal» futbol topary bilen şertnama baglaşyp biler.

Geçen möwsümde Türkmenistan çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunçynyň «Maşala» geçmegi Superligada ýaryşýan toparyň düzümini güýçlendirer. Özbegistanda transfer penjiresi 7-nji martda ýapylýar. «Maşalyň» şol güne çenli türkmenistanly hüjümçi bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Mundan ozal 26 ýaşly hüjümçi Gazagystanyň «Aktobe» we Özbegistanyň «Nawbahor» toparyna geçmäge hem ýakyn gelipdi.

«Maşal» Özbegistanyň Kaşkadarýa sebitiniň Mübarek şäherine wekilçilik edýän futbol topary. 1982-nji ýylda döredilen topar özbek çempionatynda dürli ýyllarda öňdäki orunlary eýelän hem bolsa, 2018-nji ýylda aşaky liga düşdi. Geçen ýyl bolsa Proligada çempion bolup, ýene-de esasy ýaryşa dolandy. Bu toparda 2011 ― 2013-nji ýyllar aralygynda başga bir ildeşimiz Alik Haýdarowyň hem çykyş edendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň