Soňky habarlar

Arhiw

Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar

13:2602.03.2020
0
6389

17-nji martda Buharest şäherinde Türkmenistan ― Rumyniýa işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada maslahat geçiriler. Ol Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan geçirilýär ― diýip, dostlukly döwletiň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýty ýazýar.

Maslahatyň dowamynda gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen bilelikde oba hojalygy (oba hojalyk önümlerini öndürmek we satmak, azyk senagatyny döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek), sanlaşdyrmak we syýahatçylyk boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine serederler.

Maslahata gatnaşyjylara ykdysady meseleler, salgyt syýasaty we Türkmenistanyň bank ulgamy barada hem doly maglumat berler.

Çeşmäniň habaryna görä, Hazar ― Gara deňizleri arkaly üstaşyr geçelgäni döretmekde Aşgabat we Buharestiň soňky ýyllarda alyp baran diplomatik tagallalary has-da güýçlenýär. Rumyniýadaky Konstansa deňiz portunyň Türkmenbaşy halkara deňiz portundan Ýewropa iberilýän harytlary daşamak üçin üstaşyr nokada öwrülmegine garaşylýar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary harytlaryny bu ýerde jemläp, Ýewropa bazarlaryna çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň