AGMK «Metallurg» bilen deňme-deň oýnady, Amanow ikinji ýarymda oýna girdi

01:2501.03.2020
0
3906

Özbegistanyň futbol çempionatynyň Birinji tapgyrynda Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary öz meýdanynda «Metallurgy» kabul etdi. Ýer eýeleriniň düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.

AGMK-niň Mate Watsadeniň 9-njy minutda geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanmagyna garamazdan, bu üstünlik bary-ýogy 19 minut saklanyldy. 28-nji minutda myhmanlar Abror Toşkuziýewiň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. Duşuşykda şundan soň hasap üýtgemedi we ol 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow 59-njy minutda oýna girdi. Ol duşuşygyň galan dowamynda howply hüjümleriň birnäçesini gurnamaga ýakyndan gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň