Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Buharestdäki medeniýetara festiwala gatnaşdy

23:0829.02.2020
0
3678

Şu gün Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestdäki Rus ylym we medeniýet merkeziniň binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen birlikde «Bahar bilen tanyş» atly festiwaly geçirdi.  Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty habar berýär.

Fewtiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjy döwletleriň sergi bölümleri gurnaldy.

Bu şowhunly festiwala Rumyniýanyň Hökümet ýolbaşçylary, ýurtdaky diplomatik edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, şäheriň ýaşaýjylary, metbugat wekilleri hem-de bu şäherde okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň sergi bölüminde sungat we senetçilik eserleri, dürli neşirler, maglumat kitapçalary we türkmen medeniýeti barada gürrüň berýän suratly maglumatlar ýerleşdirildi. Bölüm festiwala gatnaşyjylarda Türkmenistan bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Olar ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, tebigaty, paýtagtymyz we dürli ugurlarda gazanylan ösüşler bilen ýakyndan gyzyklandylar.

Bu ýerde myhmanlar Türkmenistan üçin şanly senäniň ― hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň Ýer ýüzünde dabaralandyrylyşy bilen hem tanyşdylar.

Myhmanlara türkmen tagamlary hem hödürlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň