Soňky habarlar

Arhiw

“Ýuwentus”–“Inter” we hepdäniň beýleki esasy duşuşyklary

15:1329.02.2020
0
1121

Mart aýynyň ilkinji güni Ýewropa futbolynda ünsi çekýän duşuşyk diňe bir “El Klasiko” bolman, eýsem şol gün başga-da birnäçe güýçli toparlar özara güýç synanyşar. Elbetde, tutuş Ýewropada hatda, dünýäde-de tapgyryň iň merkezi oýny “Real Madrid”–“Barselona” duşuşygydyr. Ýöne Italiýanyň “A-Seriýasynda”, Gollandiýanyň “Erediwiziýasynda”, Angliýanyň “Premier” ligasynda, “Bundesligada”, “Ligue  1”-de hem özüne çekiji duşuşyklar oýnalar.

“Serie A”-da “Italia” derbisi tomaşaçysyz oýnalar

Italiýada çempionlygy kesgitläp biljek oýunda “Ýuwentus” bilen “Inter” özara duşuşar. “Italia” derbisi diýlip atlandyrylýan bu oýun “covid19” sebäpli tomaşaçysyz oýnalar. “El Klasiko” we “covid19” sebäpli az-owlak ünsden düşürilýän duşuşykda myhmançylykdaky “Inter” ýeňiş gazanaýsa, çempionlyk ýaryşy has-da gyzyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 1-nji martda ýarygijden soň, 00:45-de başlar.

Germaniýanyň “Bundesligasynda” çempionlyk ýaryşyny dowam etdirýän “Leipsig” öz meýdançasynda “Baýeri” kabul eder (19:30). Fransiýada bolsa “Lion” öz meýdançasynda “Sent-Etien” bilen duşuşar (01:00)

Gollandiýada öňdebaryjylaryň özara duşuşygy

Gollandiýanyň çempionatynda-da öňdebaryjy toparlaryň özara duşuşygy janköýerleriň esasy üns merkezinde bolar. 18:30-da başlanjak oýunda 4-nji ýerdäki PSW ezeli bäsdeşi, 3-nji orundaky “Feýenoordy”, ýarygijede (00:00) başlanjak oýunda-da 1-nji hatardaky “Aýaks” Amsterdam Arenada” 2-nji basgançakda barýan “AZ Alkmaary” kabul eder.

Angliýada Liga Kubogynyň finaly

Angliýada iň esasy duşuşyk Liga Kubogynyň (EFL Cup final) finaly bolup, “Wembley” stadionynda oýnaljak duşuşykda “Aston Willa” bilen “Mançester Siti” möwsümiň ilkinji kubogy ugrunda özara göreşerler. 21:30-da başlanjak oýun “Türkmenistan sport” teleýaýlymy arkaly hem efire berler. Angliýanyň çempionatynda-da bolsa 1-nji martda 19:00-da başlajak duşuşyklarda “Ewerton” bilen “Mançester Ýunaýted” hem-de “Tottenhem” bilen “Wulwerhempton” toparlary duşuşarlar.

Şu günki duşuşyklara seredimizde, Russiýada “Zenit”–“Lokomotiw (21:00), Ispaniýada “Walensiýa”–“Betis” (20:00), Germaniýada “Hoffenhaým”–“Bawariýa” (19:30), Angliýada “Watford”–“Liwerpul” (22:30), Italiýada “Napoli”–“Torino” (00:45) duşuşyklary agzalmaga mynasyp oýunlardyr.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň