Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde geçirilýän sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar

14:0029.02.2020
0
989

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan wagtlaýyn sergi açyldy ― diýip, «Jeýhun.news» habar berýär.

Ony görmäge gelýänler taryhda we şu günlerde gelin-gyzlaryň jemgyýetde tutýan orny bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Onda milli öwüşginli  el işleri, dürli döwürlerde geýlen eşikler, haly önümleri goýuldy. Gadym döwürlerde durmuşa çykýan gyzyň geýen toý eşigi, çaga eşikleri, şaý-sepler sergide aýratyn orun tutýar. Muzeýiň arhiwinden alnan suratlarda ýakyn geçmişde dürli ulgamlarda we pudaklarda zähmetde tapawutlanan zenanlar bilen tanyşdyrylýar.

Nakgaşlar Şerif Hemraýewiň hem-de Hemra Allaşükürowyň çeken suratlarynda zenanlaryň durmuşda we jemgyýetde tutýan orny çeper beýan edilipdir. Maral Ataýewa, Dursunsolmaz Muhammedowa we Dilber Umarowa dagylaryň keramiki işleri hem özboluşly çeperçiligi bilen gelýänleriň ünsüni çekýär. Serginň guralan ýerine çenli wazalarda ösüp oturan güller bolsa aýratyn baýramçylyk ruhuny döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň