Soňky habarlar

Arhiw

Serdar etrabyndaky degirmende 4 müň tonna golaý bugdaý üweldi

13:3329.02.2020
0
685

«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Serdar etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmeninde döwrebap işler bitirilýär. Ýokary hilli un öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda her gije-gündizde taýýarlanýan önüm täzeligi bilen sarp edijilere ugradylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen oba hojalyk ýylynda welaýat boýunça azyklyk bugdaýy taýýarlamagyň meýilnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi bu ýerde işleriň netijeli alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýerde 3 müň 7 tonna bugdaý üwelip, şondan 767,5 tonna ýokary we 1 müň 535 tonna barabar birinji sortly un taýýarlanyldy. Şeýle hem öndürilen kepegiň möçberi 706 tonna golaýlady. Bu görkezijiler degirmen toplumynda bellenilen meýilnamalara artygy bilen amal edilendiginden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň