Soňky habarlar

Arhiw

Karabük uniwersitetinde geçirilen dabara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy

13:2429.02.2020
0
833

Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan aýdym-sazly dabaraly çäre hem hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlandy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa Karabük welaýatynyň häkimi, Karabük uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, bu ýerde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hakynda wagyz-nesihat söhbetdeşligi geçirildi.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, gözel künjekleri bilen tanyşdyrýan fotosurat sergisi, şeýle hem aýdym-sazly dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň