Arhiw

Ýaponiýada Türkmenistanyň hemişleik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

13:2229.02.2020
0
1171

Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň Işewürler merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Kobe şäher häkimliginiň işgärleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, işewürler, Osaka şäheriniň ylym-bilim, syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahatda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, Tokio uniwersitetiniň professory çykyş edip, Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti we aýratynlyklary hakynda gürrüň berdiler.

Soňra Işewürler merkezinde Ýaponiýanyň kiçi we orta kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän orny, daşary söwdа amallaryny ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçilikler, söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugurlary barada gürrüň edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň