Arhiw

“Galaxy A11” smartfony çykarylar

12:2029.02.2020
0
1479

Dünýäniň iň köp mobil enjam öndürýän kompaniýasy “Samsung” täze modeli çykarmaga taýýarlyk görýär. Golaý geljekde “Galaxy A11” atly telefon satuwa çykarylar. 6,4 dýuýmlyk HD+ IPS LCD ekranly telefonda “Android 10” amaly ulgamy oturdylar. Enjamyň öň tarapynda 8 megapiksellik selfi kamerasy, yz tarapynda üç sany kamera oturdylar. Esasy kamera 13 megapiksel durulygynda surata alar. 128 GB içki ýat bilen üpjün ediljek enjamda USB-C geçiriji porty we 3,5 mm-lik gulaklyk girişi göz öňünde tutulýar. Internet aragatnaşygynyň 4-nji neslinde işlejek enjamyň yz tarapynda barmak yzyňy okaýan howpsuzlyk düwmesi ýrleşdiriler. Smartfonyň bahasyny 140 dollar boljakdygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň