Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» «Nefthimik» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

11:5629.02.2020
0
2251
«Şagadam» «Nefthimik» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Nižnekamskiniň «Nefthimiginden» 0:1 hasabynda asgyn geldi. Bu barada «Hakyky wagt» internet neşiri habar berýär. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini ýarym goragçy Roman Akbaşew 21-nji minutda geçirdi.

«Nefthimik» Russiýanyň Nižnekamsk şäherinde 1991-nji ýylda döredilen topardyr. Ol Russiýanyň MFL ligasynda ýaryşýar.

«Şagadam» Türkiýedäki ahyrky ýoldaşlyk duşuşygyny Gazagystanyň «Kaspiý» topary bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň