Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

10:1929.02.2020
0
6743

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi ― diýip, TDH ýazýar.

Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, welaýatlarda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek hökümet mejlisine taýýarlyk meselelerine, ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutany göçme mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleriniň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan işler, sebitlerde gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Göçme mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň