Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Türkmenistana eksport edýän awtoulaglarynyň sanyny artdyrýar

21:1828.02.2020
0
80276

Türkmenistan 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýeden satyn alan awtoulaglarynyň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 80,22 göterim ýokarlandyrdy. Bu barada Trend Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň birinji aýynda Türkiýeden 2,413 million ABŞ dollar möçberinde awtoulag satyn alyndy. Umuman, Türkiýäniň ähli eksportunyň 16,38 göterimini awtoulaglaryň eksporty düzdi.

2020-nji ýylyň birinji aýynda Türkiýeden dünýä bazaryna awtoulag eksporty 3,2 göterim ýokarlandy we 2,402 milliard ABŞ dollary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň