“Citroen”-iň kindiwanja elektrokary

19:3928.02.2020
0
672

Fransiýanyň “Citroen” kompaniýasy täsin elektrokaryny tanyşdyrdy. ““Citroen Ami” alty bu ulag awtoulag hasaplanmaýar. Sebäbi onuň göwrümi kiçi – 50 kub sm. Şol sebäpli ulag resmi ýagdaýda dört tigirli skuter hasaplanýar. Adaty öý şertlerinde 3 sagatda zarýad berip bolýan ulag 70 km-e çenli ýol geçip bilýär. Uzynlygy 2,41 metre, ini 1,39 metre deň bolan ulagyň agramy 485 kg. Kiçiräk ýük hem ýükläp bolýan iki orunlyk ulagyň tizligi sagatda 50 kilometre ýetýär. Ulag şäheriň içinde aňsat we rahat gatnawy ýola goýmak üçin niýetlenipdir. Önümçiligi iýun aýynda Marokkonyň Kenitra şäherinde amala aşyrylyp başlanjak ulagyň bahasy 6900 ýewro bolar. Bu üýtgeşik ulag, ilkinji nobatda, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa we Portugaliýada satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň