AFK-nyň kubogy ― 2020: 1-nji martda «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşyklarynyň petekleri satylyp başlar

15:5528.02.2020
0
3917

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» AFK-nyň kubogy ― 2020-däki ilkinji duşuşygyny 11-nji martda Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen geçirer. Bişkek şäherinde, Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda geçiriljek duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 20-de başlar.

Iki topar bu stadionda 2017-nji we 2019-njy ýyllarda hem duşuşdylar. Geçen ýyl Bişkekdäki özara duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanyp, Aşgabatdaky jogap duşuşygynda «Altyn asyr» 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

11-nji martda boljak duşuşykda siriýaly hünärmenler eminlik eder.

«Dordoý» futbol klubynyň metbugat gullugy 1-nji martdan başlap, bu duşuşyk üçin petekleriň satlyga çykjakdygyny habar berdi. Petekler «Dordoý Plaza» söwda merkezinde satylar. Olaryň bahasy 150 ― 250 som aralygynda üýtgeýär.

Şeýle hem klubyň metbugat gullugy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini 10-njy martda «Dordoý Plaza» işewürlik merkezinde geçiriljek metbugat maslahatyna çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň