Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň eksporty artdyrylýar

15:3228.02.2020
0
1418

27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi, şol sanda hususy oba hojalyk önüm öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu maksat bilen, harytlaryň käbir görnüşleriniň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Wise-premýer şol teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürläp, miwe-gök hem-de senagat önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdarynyň artýandygy barada habar berdi. Bu teklipler ýurdumyzda önümçilikleri höweslendirmäge, Diýarymyzda öndürilýän önümleriň hasabyna içerki sarp edijileriň isleglerini has doly kanagatlandyrmak hem-de şol önümleri daşarky bazarlarda öňe ilerletmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmekde telekeçilige esasy ornuň berilýändigini belledi. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan hemme zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri makullap, şolaryň üstünde işlemegi hem-de bellenen tertipde resmi taýdan taýýarlamagy tabşyrmak bilen, içerki bazaryň we daşarky düzümleriň ýagdaýyna hemişe seljerme geçirmegiň, döwrüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijileriň isleglerine laýyk gelýän çeýe bazar strategiýalaryny döretmegiň möhümdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň