Soňky habarlar

Arhiw

Portugal toparlarynyň dördüsi hem ýeňlişe sezewar boldy

14:1928.02.2020
0
806

Portugal toparlary möwsümiň başynda UEFA-nyň ýaryşlaryna 5 topar bilen başlady. Ýöne olaryň 5-si hem mart aýyndan öň ýaryşdan çykdy. Wagtal-wagtal finala çykýan, umumylykda UEFA-nyň sanawynda 6-7-8-nji orunlarda barýan Portugaliýanyň çempionatynda häzirlikçe azda-kände pese gaçyşlyk duýulýar. “Benfika” Çempionlar ligasyna, saýlama tapgyrynda “Krasnodardan” asgyn gelen “Porto”, şol sanda “Sporting”, “Braga”, “Witoriýa” klublary-da Ýewropa ligasynda çykyş edipdi. “Benfika” beýlekilere garanyňda ýeňil toparçadan çykyp bilmän, Ýewropa ligasyna goşuldy. “Porto”, “Sporting”, “Braga” toparlary Ýewropa ligasynda toparçalarda şowly oýun görkezse-de, “Witoriýa” ýaryşdan çykdy.

4 topar bilen Ýewropa ligasynda wekilçilik edýän portugallaryň häzirki wagtda ýeke kluby-da galmady. Olar Ýewropa ligasynda iň köp topar bilen wekilçilik edilýän ýurtdy.

Myhmançylykda “Şahtýordan” 2-1 asgyn gelen “Benfika” öz meýdançasynda-da 3-3 deňme-deň oýnap, ýaryşy dowam etdirip bilmedi ((Pizzi 9, Dias 36, Silwa 47 – Dias 12 ö.d., Stepanenko 49, Patrik 71).

Milli çempionatda “Benfikanyň” söbügini basyp barýan “Porto” topary “Baýerden” myhmançylykda-da, öz meýdançasynda-da ýeňlişe sezewar boldy. Germaniýada 2-1 utulan Seržiu Konseýsaunyň şägirtleri Portugaliýada 3-1 utuldy (Marega 65 – Alario 10, Demirbaý 50, Hawerts 58).

Paýtagt Lissabonyň kluby “Sporting” öz meýdançasynda Türkiýäniň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ýeke-täk wekili “Istanbul Başakşehiri” 3-1 ýeňip, azda-kände arkaýynlaşypdy. Ýöne Stambuldaky oýunda 90+2-nji minutda Wişça 2 oýnuň netijesi boýunça umumy hasaby deňledi. Goşmaça wagtyň soňky minutlarynda-da ýene şol oýunçy penaltini dürs ýerine ýetirip, toparyny 1/8 finala çykardy (Şkrtel 31, Aleksiç 45, Wişça 90+2, 119 p – Wietto 68).

Myhmançylykdaky oýunda “Braga” Şotlandiýanyň “Reýnjersi” bilen bolan duşuşykda 2-0 öňe saýlanypdy. Ýöne ruhdan düşmedik şotlandlar 3-2 hasabynda ýeňiş gazanypdy. 3-2 utulanam bolsa, “Braga” öz meýdançasynda 1-0 ýeňip ýaryşy dowam etdirip bilerdi. Ýöne 1-0 (Kent 61) utulan “Braga” hem möwsümiň galan böleginde beýleki portugal toparlary ýaly diňe milli çempionat bilen gümra bolmaly boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň