Soňky habarlar

Arhiw

“Samsung Galaxy S20” seriýasynyň howpsuzlyk çipleri

13:0928.02.2020
0
817

Üç modelden ybarat bolan “Samsung Galaxy S20” seriýasyna degişli täze maglumat ýaýradyldy. Golaýda tanyşdyrylan ”Samsung Galaxy S20”, “Galaxy S20 Plus” we “Galaxy S20 Ultra” smartfonlary birnäçe günden müşderilere ýetirilip başlanar. Bu smartfonlarda “Secure Element” atly kiçijik howpsuzlyk çipi ýerleşdirilipdir. Telefondaky möhüm maglumatlar adaty ýatda däl-de, gönüden-göni bu howpsuzlyk çipinde ýerleşdiriljekdigi habar berildi. Şeýlelikde bu maglumatlara hiç hili wirus zeper ýetirip bilmeýär. Biometrik maglumatlar, parollar we bar bolsa, kriptowalýutalar aýratyn möhüm maglumat hasaplanýar. Kompaniýa howpsuzlyk babatda ähmiýetli bolan şeýle çipleri beýleki smartfonlaryna ýerleşdirmegi maksat edinýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň