Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen milli oýunlarynyň festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

12:0428.02.2020
0
7729

Şu günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Milli oýunlaryň festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu festiwal mart aýynyň ahyryna geçiriler.

Festiwal sport häsiýetli milli oýunlarymyzyň onlarçasyny we sportuň Olimpiýa görnüşlerini öz içine alar. Onda paýtagtymyza we sebitlere wekilçilik etjek türgenler medallaryň ýüzlerçesi üçin ýaryşar. Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Lewent Akiçiniň hem bu festiwala hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. Ol Milli oýunlaryň III Halkara maslahatynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň ýolbaşçysy Şöhrat Myratgulyýew bilen duşuşdy. Halkara konfederasiýa bu oýunlary dünýä ýaýmak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan çap edilen ýörite neşirde ýurtda milli sport oýunlarynyň 80-e golaýynyň bardygy aýdylýar. Milli gymmatlyklary öwrenýän ýörite topar bolsa oýunlaryň ozal mälim bolmadyk görnüşlerini hem ýüze çykarýar. Umuman, topar türkmen milli oýunlarynyň doly sanawyny düzmek üçin ýurdumyzyň ýene-de birnäçe sebitlerine baryp görmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň