Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkezi Bütindünýä konfederasiýanyň agzalygyna kabul edildi

11:5428.02.2020
0
3264

Ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherindäki «Kalista» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Milli oýunlaryň III halkara maslahaty geçirildi. Oňa 55 döwletden 200-den gowrak wekil gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy bölümleriniň biri Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň düzümine kabul edilmegine bagyşlandy. Bu hoş habar pederlerimizden geçip gelýän milli oýunlarymyzyň Ýer ýüzündäki meşhurlygynyň artmagyna, olaryň käbir görnüşleriniň halkara ýaryşlaryň maksatnamasyna goşulmagyna getirer. Milli merkezimiziň bu abraýly gurama «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylynda kabul edilmegi has guwandyryjy ýagdaýdyr.

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň prezidenti Bilal Erdogan maslahatda çykyş edip, milli sport oýunlarynyň ähli ýerde gyradeň ösdürilmelidigine ünsi çekdi. Munuň üçin konfederasiýa ähli tagallalary alyp barýar. Hiç birimiz geçmişi unutmaly däldiris, çünki her bir halkyň geljegi şöhratly geçmişe daýanýar. Mundan başga-da, ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeniýetleriň alyş-çalşygy Ýer ýüzünde parahatçylygy we dostlugy berkitmäge ýardam berer. Türkiýeli hünärmeniň aýdyşy ýaly, şonuň üçin döwletleriň garaşsyzlygynyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolan milli däp-dessurlara, şol sanda milli sport oýunlaryna hem hormat goýmak möhümdir. Bilal Erdogan bu däpleriň geljekki nesiller üçin asyl görnüşinde saklanmalydygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Bütindünýä etnosport konfederasiýasy, hut, şu maksat bilen döredildi.

Geçen ýylyň ahyrynda bu guramanyň ýolbaşçysynyň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelendigini, onuň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki sport edaralarynyň wekilleri bilen duşuşandygyny bellemelidiris.

Halkara etnosport konfederasiýasy 2016-njy ýylda resmi taýdan işe başlady. Gysga wagtyň içinde bu gurama 50-den gowrak döwlet agza boldy. Henize çenli Gyrgyzystanda geçirilen we Ýer ýüzündäki abraýy barha artýan çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary hem bu guramanyň başlangyçlarynyň biridir. Onda türkmen türgenleriniň hem medallaryň uly toplumyna mynasyp bolandygyny guwan bilen ýatlamak gerek. Nobatdaky Oýunlar şu ýylyň sentýabr aýynda Türkiýe Respublikasynda geçiriler. Bosgada duran Oýunlaryň maksatnamasyna girýän sport görnüşleriniň sany has artar. Şeýle hem şu gezek Afrika yklymynyň wekilleri hem ýaryşlara gatnaşar.

Milli oýunlaryň III halkara maslahatynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň ýolbaşçysy Şöhrat Myratgulyýew hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, ýaş türgenleri hem milli sport oýunlaryna çekmäge çagyrdy. Şeýlelikde, bu tutum ýaşlary milli däp-dessurlar arkaly terbiýelemäge goşant goşar.

Halkara maslahata gatnaşyjylar milli sport oýunlarynyň orta mekdeplerdäki bedenterbiýe sapaklarynyň meýilnamasyna hem goşulmagynyň tarapdary boldular. Bu ýagdaý çagalaryň milli sport däpleri bilen tanyşmagy babatynda ähmiýetli bolar.

Milli oýunlaryň IV halkara maslahaty 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň