Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň Türkmenistandaky raýatlaryna Mejlisiň saýlawlaryna ses bermek üçin mümkinçilik dörediler

11:3328.02.2020
0
5172

Täjigistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy, Türkmenistan çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Täjigistanyň raýatlaryna 2020-nji ýylyň 1-nji martynda ýerli wagt bilen sagat 06: 00-dan agşam sagat 8: 00-a çenli ilçihananyň Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýoly 4 /2 salgysynda ýerleşýän binasynda Täjigistanyň Mejlisine saýlawlara ses berlişigiň geçirilýändigini habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana Türkmenistan çäginde hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan, şeýle hem saýlaw wagtynda 18 ýaşyna ýeten Täjigistan Respublikasynyň ähli raýatlaryndan ýetip gelýän saýlawlara gatnaşmagyny hormat bilen haýyş edýär. Şeýle hem ilçihana gyzyklanýan taraplaryň + 99312481818, + 993 12481827 belgili telefonlar ýa-da + 99312481877 belgili faks arkaly habarlaşyp biljekdigini ýatladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň