Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda medeniýet merkezleriniň arasynda bäsleşik geçirilýär

11:0428.02.2020
0
668

Şu günler Lebap welaýatynyň etrap, şäher medeniýet merkezleriniň arasynda sungatyň sekiz ugry boýunça yglan edilen bäsleşik dowam edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýat medeniýet müdirligi şu gezekki bäsleşigi tapgyrlaryň birnäçesi boýunça geçirýär. Ilkinji tapgyrda bellenilen meýilnama laýyklykda biri-birine goň­şy etraplaryň ýa-da şäherleriň medeniýet işgärleri bäsleşýärler we ýe­ňijiler indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Welaýatyň medeni ojaklarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşiklere hem taýýarlyk görlüp başlandy. Bu bolsa sungatyň dürli ugurlary boýunça täze we has kämil eserleriň döremegine getirýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň