Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginde ýylyň ilkinji aýynda 518 million kub metr gaz akdyryldy

10:5528.02.2020
0
1251

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň zähmet toparlary Hazarýaka känlerindäki gaz gysyjy desgalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmakda uly işleri bitirýärler. Mu­ňa müdirligiň düzümindäki gaz gysyjy desgalar boýunça şu ýylyň birinji aýynda 518 million kub metre golaý «mawy ýangyjyň» taýýarlanylyp, turbageçirijiler arkaly sarp edijilere ýetirilmegi-de aýdyň güwä geçýär.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyň­da, 20 million kub metrden gowrak köpdür. Gaz göteriş usulynda zerur bolan tebigy gazy toplap, arassalap we ýokary basyş bilen akdyrmakda gazanylan bu üstünlige müdirligiň Goturdepe we Barsagelmez ýataklaryndaky gaz gysyjy desgalaryň hünärmenleri has saldamly goşant goşdular.

Munuň özi geçen aýda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde guýulardan önüm almak baradaky meýilnamanyň 101,1 göterim ýerine ýetirilmegini üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň