Soňky habarlar

Arhiw

Birža: ýakyn bäş ýyl üçin ösüş strategiýasy

10:3828.02.2020
0
598

Türkmenistanyň Prezidenti 31-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanyň Döwlet ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. «Türkmenistan» gazetiniň habarçylary bu bara­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň Sel­je­riş we tä­ze tehnologiýalar müdirliginiň başlygy Serdar BERDIÝEW bilen söhbetdeş boldy.

— Ilki bilen, bu resminamanyň kabul edilmeginiň esasy maksatlary barada aýdaýsaňyz!

— Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň geriminiň gi­ňeýän döwründe birža işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny, olary düzgünleşdirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekden, daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň toplumyny bellemekden ybaratdyr. Biržanyň geljek 5 ýyl üçin strategik maksatlary hökmünde Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek arkaly, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini gi­ňeltmäge ýardam bermegi, ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek üçin olara söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlaryny sanly ulgamlaryň, şol sanda «bir penjire» ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmagy, biržanyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp, dünýä we sebit ýurtlarynyň haryt biržalarynyň içinde öňdebaryjy orny eýelemegini görkezmek bolar.

— Bu işleri amala aşyrmak üçin haýsy wezipeler öňde goýuldy?

— Ilki bilen, biržanyň işine elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak, birža tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we elýeterliligini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, biržanyň işiniň hukuk binýady hem-de guramaçylyk esasy kämilleşdiriler. Geljekde onuň işini welaýatlarymyzda hem ösdürmek we daşary ýurtlarda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu wezipeleri ýerine ýetirmekde biržany ýokary hünär derejeli işgärler bilen üpjün etmäge, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler.

— Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary haýsylar?

— Sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, birža söwdalaryny öň­debaryjy biržalaryň tejribesine esaslanyp guramak, ýokary hilli innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly elektron birža söwdalaryny internet ulgamy arkaly «online» tertipde geçirmegi ýola goýmak we oňa welaýatlarda hemde daşary ýurtlarda açyljak söwda meýdançalaryndan hem gatnaşmaga mümkinçilik döretmek ileri tutulýar. Şeýle-de kabul edilen strategiýa laýyklykda, biržanyň işine elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, onuň müşderilerine hyzmat etmek üçin ygtyýarnama esasynda dellalçylyk işini amala aşyrýan kärhanalaryň döredilmegine ýardam bermek, ýerine ýetirilýän birža hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, biržanyň iş görnüşiniň düzümine birža kliringi hyzmatyny girizmek boýunça işleri amala aşyrmak, halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, biržanyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek boýunça özgertmeler geçiriler.

— «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyndan» nähili netijelere garaşylýar?

— Bu strategiýa ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň depgininiň ýokarlanmagyna we geriminiň gi­ňemegine, döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan daşary ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir. Ol işlenip düzülende Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini, guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak barada öň­de goýlan wezipelerden ugur alyndy. Strategiýanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, biržanyň işini bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guramaga, birža hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, onuň işini hil we ykdysady taýdan kämilleşdirmäge hem-de sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň