Soňky habarlar

Arhiw

Marydaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşygy tamamlandy

23:5827.02.2020
0
6756

27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy barada hasabat berdi.

Bu orta hünär okuw mekdebinde geljekde nebitgaz toplumynda zähmet çekjek hünärmenleriň 1900-si bilim alýar. Okuw mekdebine her ýylda ýaşlaryň 700-si kabul edilip, nebitgaz hünäri hem-de sanly ulgam bilen bagly bilim berilýär.

Mekdebiň binasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň sanawyna goşuldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, munuň öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işleri özleşdirmäge ýardam edýändigini aýtdy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylmagy hem-de onda okuwlaryň guralmagy babatda degişli görkezmeler berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň