Soňky habarlar

Arhiw

Ilçi Ýerkebulan Sapiýew: «Gazagystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge isleg bildirýär»

22:4127.02.2020
0
6263

Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşykda Gazagystanyň doganlyk Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny has artdyrmak isleýändigini aýtdy.

Ýerkebulan Sapiýew:

Biz Türkmenistana un, bugdaý, azyk önümlerini, dermanlary, metal gurluşlary we ulaglaryň dürli görnüşlerini ugratmaga taýýar.

Gazagystan hem öz gezeginde Türkmenistandan ýeňil senagat, oba hojalyk önümlerini, karbamid, polietilen we beýleki himiýa önümlerini import edip biler.

Geçen ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň mukdary, takmynan, 146 million dollara barabar boldy, bu bolsa 2018-nji ýyldakydan 46 göterim ýokarydyr.

Gazagystan geçen ýylda 116 million dollarlyk önümi eksporta ugratdy. Şol sanda 29,8 million dollarlyk önüm Türkmenistana ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň