Sergä çykarjak maşynlaryny görkezdi

18:5727.02.2020
0
904

Germaniýanyň “Mercedes” kompaniýasy martyň 5-15-i aralygynda Ženewa halkara sergisine çykarjak maşynlaryny görkezdi. Bu ýyl 90-njy gezek geçiriljek sergi 3-nji mart güni metbugat işgärleri üçin açyk bolar. Nemes brendi gözden geçirilişde E-Seriýasy bilen bir hatarda üç sany täze AMG modelini, nusgalyk görnüşdäki gibrid modellerini we “Advanced Control” (MBAC) ulgamy bilen üpjün edilen täze “Marco Polo”-ny tanyşdyrar. Şeýle hem “Mercedes”-iň pawilýonynda mundan ozal köpçülige görkezilen VISION AVTR modeli hem bolar. Ilkinji gezek 1946-njy ýylda satuwa çykarylan E-Seriýasyna degişli ulaglardan häzire çenli jemi 14 milliony satylypdyr. Seriýanyň täze nusgasy has awtomatlaşdyrylan bolmagy, şol sebäpli sürüjä uly ýeňillik döredýändigi bilen tapawutlanýar. Ulagyň güýmenje-mediýa tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan içki dizaýnynda bolsa, iki sany ekran ýerleşdirilipdir. “Mercedes” uzak ýola gidilende ýolda düşlemek üçin stol-oturgyç, çadyr, aşhana we beýleki ähli zat göz öňünde tutulan ulaglary öndürmegi bilen hem tanalýar. Kompaniýanyň şeýle ulagy bolan “Marco Polo”-nyň täze nusgasy hem tanyşdyrylar. Hünärmenler ulaga tigirleriň üstündäki “akylly” öý diýip baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň