Soňky habarlar

Arhiw

Kanadaly aýdymçy Jastin Biber meşhur aýdymçy Elwis Presliniň rekordyny täzeledi.

18:2827.02.2020
0
896

Ýaş aýdymçy Jastin Biber 7 albomy birinji orny eýelän iň ýaş aýdymçy bolmagy başardy. Onuň soňky albomy “Changes”-iň sanawyň birinji orna çykmagyndan soň, ol 59 ýyllyk rekordy täzelemegi başardy. Bu rekordyň öňki eýesi Elwis Presli bolup, onuň “Blue Hawaii” atly 7-nji albomy 1961-nji ýylda iň öňdäki orna geçip, rekord goýupdy.

Jastin Biberiň ilkinji gezek 16 ýaşyndaka “My World” atly albomy sanawda 1-nji ýeri eýeläpdi. 25 ýaşly Biberiň ýene-de 4 studio albomy hem-de remikslerden düzülen 3 albomynyň 2-si ABŞ-daky aýdym-saz sanawlarynda 1-nji basgançaga çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň