Arhiw

LG iki ekranly 5G smartfonyny tanyşdyrdy

18:1927.02.2020
0
819

LG kompaniýasy “LG V60 ThinQ 5G” atly smartfony tanyşdyrdy. Mundan ozal çykarylan “V50 ThinQ 5G”-den ulurak bolan telefonyň 6,8 dýuýmlyk FHD+ OLED ekrany bar. Telefonyň yz tarapynda 64 MP esasy kamera hem-de 117 dereje giňlikde 13 MP durulygynda surata almaga mümkinçilik berýän kameralar bar. Bulardan başga-da ToF sensory ýerleşdirilipdir. Smartfonyň selfi kamerasy 10 MP durulygynda surata alýar. Smartfonyň ses ulgamy hem has kämilleşdirilipdir. Enjamda mundan ozal LG OLED telewizorlarda ulanylan “3D Sound Engine” ses ulgamy ulanylypdyr. Telefonyň ikinji ekrany bolsa goşmaça hödürlenýär. Onuň ululygy we durulygy telefonyň öz ekrany bilen deň. Ony USB Type-C kabeli bilen birikdirip bolýar. Ikinji ekran oýun we beýleki güýmenjeler üçin peýdalanylar. Global bazara hödürlenjek telefonyň bahasy mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň