Soňky habarlar

Arhiw

5G smartfonlary üçin täze OLED ekran

17:2627.02.2020
0
825

Dünýäniň öňdebaryjy ekran öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan “Samsung Display” internet aragatnaşygynyň 5-nji neslinden peýdalanýan smartfonlar üçin niýetlenen OLED ekrany tanyşdyrdy. Koreý brendi dünýäde mobil enjamlardaky OLED ekran bazarynyň 90 göterimini eýeleýär. Täze tanyşdyrylan ekranlarda gök şöhle azaldylypdyr. Şeýle hem has az energiýa sarp edýändigini bilen tapawutlanýan täze ekranlar barlag-standart şereketi bolan SGS-den degişli şahadatnamany alypdyr. Mundan başga-da harytlaryň howpsuzlygyny güwälendirýän “Underwriters Laboratories” (UL) laboratoriýasy tarapyndan hem tassyknama alypdyr. Koreý kompaniýasy ekran tehnologiýasynda täzeçilligi bilen tapawutlanyp, bu babatda bäsdeşlerinden öňe saýlanýar. Merkezi edarasy Seulda ýerleşýän kompaniýa 11-nji fewralda tanyşdyrylan “Galaxy Z Flip” ekranynda ulanylan çendenaşa ýuka aýnanyň dürli ölçeglerdäkisini öndürip biljekdiklerini mälim edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň