Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Medeniýet Şahberdiýewanyň 90 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

15:4127.02.2020
0
666

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dabaranyň öň ýanynda halypanyň bile işleşen egindeşleriniň, şägirtleriniň görnükli sungat ussady hakdaky ýatlama çykyşlary has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa, il içinde giň­den tanalýan şägirdi Žanna Saýan çykyş edip, Medeniýet Şahberdiýewanyň sungat hem döredijilik ýoly hakda gyzykly gürrüň berenlerinde, ussadyň Moskwanyň döwlet konserwatoriýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlandygyny, aýdymyň daşyndan tansa-da ezber bolandygyny, baran ýerinde oňa «Türkmen bilbili» diýlip ýüzlenilendigini, onuň di­ňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä ýüzüniň saýrak bilbili adyny gazanandygyny buýsanç bilen bellediler.

Toý konsertinde ýaň­lanan eserler hem halypanyň ýüregine düzülen ýaly, belentden ýaň­landy. Weli Muhadowyň «Ganly saka» operasyndan Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygyny Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew hem-de zehinli aýdymçy Aýna Seýitgulyýewa ýerine ýetirdiler. Žuzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan Alfred bilen Wiolettanyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow bilen Ýagşygül Omarowa, Mämmet Guseýnowyň «Moýa zemlýa» («Ene topragym») diýen aýdymyny Bahar Durdyýewa, Ýuliý Meýtusyň «Magtymguly» operasyndan Gülnaryň aýdymyny hem-de A.Alýabýewiň «Bilbil» aýdymyny zehinli aýdymçy Žanna Saýan ýerine ýetirdiler.

Konsertdäki eserlere Ýekaterina Darçiýa, Bahar Annadurdyýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow sazandarlyk etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň