Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Altyn asyr» haçan, kim bilen duşuşar?

14:5927.02.2020
0
4803

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň «D» toparçasy üçin saýlama duşuşyklar tamamlandy. Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň çempionlar düzülen toparçadaky dördünji wekili «Hujand» boldy. Şeýlelikde, ýene-de geçen ýylky ssenariýa emele geldi.

Soňky iki ýylda bu toparçadan üstünlik bilen çykan «Altyn asyra» nähili meýilnama garaşýar? Gel, «aragatnaşykçylaryň» yklym ýaryşynyň toparçalaýyn bölegindäki duşuşyklary baradaky maglumat bilen tanyş bolalyň.

Birinji tapgyrda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoýyň» myhmany bolarlar. 11-nji martda boljak bu duşuşyk Bişkek şäherinde geçiriler. Şondan bir aý dört gün soňra, ýagny 15-nji aprelde «Altyn asyr» toparçadaky iň güýçli garşydaşyny ― Täjigistanyň çempiony «Istikloly» Aşgabatda kabul eder.

29-njy aprelde «aragatnaşykçylaryň» özi Täjigistana gider. Bu gezek olar ýaryşa saýlama tapgyrdan gatnaşan «Hujandyň» myhmany bolarlar. Iki toparyň arasyndaky jogap oýny bolsa 13-nji maýda Aşgabatda bolar. Ýaryşyň bäşinji tapgyrynda «Altyn asyr» «Dordoýy» kabul eder. Bu duşuşygyň senesi hökmünde 27-nji maý görkezilýär.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri toparçadaky ahyrky duşuşygyny 17-nji iýunda myhmançylykda «Istiklol» bilen geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň